Soňky habarlar

Arhiw

Putin migrantlaryň ýurtda galmak möhletini uzaltdy

16:2715.06.2021
0
6092

Eger jenaýatçylykly işe baş goşmadyk bolsa, Russiýa 30-njy sentýabra çenli migrantlary ýurtdan çykarmaz. Prezident Wladimir Putin bu baradaky degişli Karara gol çekdi ― diýip, RIA Nowosti Kremliň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem bu resminama laýyklykda, Russiýadaky daşary ýurtlular 30-njy sentýabrdan ozal Içeri işler ministrligine kanuny hukugyny uzaltmak ýa-da ýurtdan çykmak üçin ýüz tutup bilerler.

Mundan ozal daşary ýurtlularyň tomusda Russiýada galyp biljekdigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň