Arhiw

Türkmenistanyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

11:0215.06.2021
0
685

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda geçirilip, ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy. Onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda yglan edilen «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Bu barada «Watan» gazeti habar berýär.

«Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň ýurdumyz boýunça jemleýji tapgyryna welaýatlarymyzda hem paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertine görä üç ugurda ýaryşdylar. Bäsleşigiň 1-nji şerti boýunça oňa gatnaşanlar Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky ösüşleri buýsançly wasp edip, hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamaly.

Bäsleşigiň 2-nji şertinde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapdan bir rowaýaty ýa-da wakany sahnalaşdyryp görkezmeli.

Bäsleşigiň 3-nji şerti boýunça bolsa olar türkmeniň milli däp-dessurlaryna eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň şanyna toý tutmaly, kitabyň özlerinde galdyran täsiri barada gyzykly gürrüň bermeli.

Bäsleşigiň jemlerine görä, baş baýraga Daşoguz welaýatyndan bäsleşige gatnaşan zenanlar mynasyp boldular. Balkan hem-de Mary welaýatlaryndan gelen zenanlar bäsleşikde 1-nji orny eýelediler. Ahal hem-de Lebap welaýatlaryndan gelen zenanlar 2-nji orna, şeýle-de Aşgabat şäherinden bäsleşige gatnaşanlar 3-nji orna mynasyp boldular diýlip yglan edildi.

Toý dabarasyna öwrülen çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşan zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň