«Dik aý» hususy kärhanasy et önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başlady

10:3415.06.2021
1
367

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşýän «Dik aý» hususy kärhanasynda et önümleriniň täze görnüşi öndürilip başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Täze tehnologiýalar esasynda taýýarlanyp, ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýunyň şanyna «Aşgabat» diýlip atlandyrylan gaýnadylan şöhladyň ilkinji tapgyry söwda nokatlaryna ugradyldy.

Aslynda, ýokary öndürijilikli kämil enjamlar ornaşdyrylan hususy önümçilik bölümi birnäçe ýyl bäri hereket edýär. Bu ýerde et önümleriniň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär. «Altyn şapak», «Köýtendag», «Gündogar», «Gülzar», «Hazar» atly ýarym kakadylan, «Älem» atly gaýnadylan şöhlatlar ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar.

Hususy kärhananyň welaýat merkezindäki «Şöhlat önümleri» atly ýöriteleşdirilen dükanynda et önümlerinden başga, süýt we süýt önümleri, gündelik isleg bildirilýän beýleki azyk harytlarynyň birnäçe görnüşi ilata hödürlenýär.

Ýöriteleşdirilen dükanyň hereket etmegi alyjylaryň isleglerini has-da gowy öwrenmäge, azyk önümleriniň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Babajan76 ( 15.06.2021 )

Salam! Turkmenportal habarlary yazanyzda acylan karhanan suratyny ulansanyz gowy bolardy Taze ayynkyny goyman!

0