«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

10:2515.06.2021
0
1226

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry höwesjeň aýdymçy ýaşlar üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada geçirilen bu bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdylar.

Zehinli ýaşlaryň çykyşlaryna tomaşa etmek üçin toý meýdançasyna welaýatyň dürli ýerinden gelen bagtyýar ildeşlerimiz, şol sanda halypa sungat ussatlarydyr aýdym-sazyň muşdaklary ýygnandylar. Älemgoşar öwüşginli bezemen sahnada aýdym-sazly çykyşlara giň gerim berildi. Höwesjeň ýaşlar gezekli-gezegine sahna çykyp, joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Bäherden etrabynyň Ýarajy oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Orazmyrat Orazmyradow, Sarahs etrabynyň Parahatçylyk oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewa ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň