Soňky habarlar

Arhiw

«Evar Kozmetik»: «Adamlara diňe synagdan geçen önümleri hödürleýäris»

15:2514.06.2021
0
6550

Türkiýäniň «Evar Kozmetik» kompaniýasy öz önümlerini 2009-njy ýyldan bäri bazara çykaryp, müşderileriniň arasynda iň meşhur tämizlik serişdesini öndürijileriň biri hökmünde tanalýar.

Kompaniýa ýokary hilli we ygtybarly haryt öndüriji hökmünde önümçilikde ýokary baha berlen iň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanýar. Onuň ähli önümleri adam saglygyna peýdaly tebigy baýlyklardan taýýarlanandyr.

Şeýlelikde, ýokary hil we müşderileriň belent ynamy «Evar Kozmetigiň» esasy maksadydyr.

Bu barada kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Muhammet Berber şeýle gürrüň berýär:

«Biz tämizleýji serişdeleriň köp görnüşini ― mata ýumşadyjy serişdelerden kir ýuwuja, şampunlardan pol arassalaýjy serişdelere çenli öndürýäris. Önümlerimiziň hili biziň üçin juda möhümdir we adamlara synag edilmedik önümleri hödürlemeýäris. Öýde hemmämiz öz önümlerimizi ulanýarys.

Hil önümleri öndürseňiz, senagat bazaryndaky ýeriňiz ygtybarly bolar. Önümlerimizi beýleki ýurtlarda görenimde begenýärin. Olary görmek çagaňy görmek ýaly ýakymly.

Işewürligiň öz kadasy bar. Daş-töweregiňde galp we arzan harytlary öndürýänler köp bolsa, müşderileriň ynamyny gazanmak we üstünlige ýetmek kyn bolýar. Ýöne adamlar saglygyna zyýansyz önümlerden peýdalanmagyň tarapdary, şonuň üçin hem olar ýene biziň önümlerimize dolanýarlar».

Häzir «Evar Kozmetik» önümleri 20 ýurda eksport edilýär. Kompaniýanyň esasy wezipeleriniň arasynda eksport üçin ýurtlaryň zynjyryny ýokarlandyrmak hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň