Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de geçen hepde ABŞ-nyň 2,2 million dollary möçberinde geleşik baglaşyldy

23:3013.06.2021
0
4328

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa, Türkiýe, Azerbaýjan döwletleriniň wekillerine tüýjümek önümler we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 2 million 252 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 822 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 590 million manatlyga golaý Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle-de el halylary hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň