Türkmenistanda Ylymlar güni bellenildi

22:3012.06.2021
0
3362
Türkmenistanda Ylymlar güni bellenildi

Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy. Forumy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy gurady.

Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde täzeçil tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Maslahata gatnaşyjylara ylmy-tehniki döredijiligiň, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Maslahatyň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň ylmy merkezleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar wajyp ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin amaly barlaglary geçirmekde hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellediler we özleriniň ylmy işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Şeýle hem häzirki zaman jemgyýetinde ylmyň orny, daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek, durmuş ulgamyndaky ylmy özgertmeler we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň işi nano hem-de himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek we energetika hem-de tehniki ylymlar; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugurlary boýunça dowam etdi. Şeýle hem maglumat kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy, häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdeleriniň önümçilik tehnologiýasy, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahatda edilen çykyşlar öňdebaryjy işläp taýýarlamalary dürli pudaklara ornaşdyrmagyň wajyp amaly we tejribe meselelerine bagyşlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň