Arhiw

«AstraZeneca» sanjymyny döredenler Ýelizawetta II tarapyndan rysarlyk derejesi bilen sylaglanyldy

12:4614.06.2021
0
4265

Beýik Britaniýanyň şazenanynyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralarda koronowirus ýokanjyna garşy sanjym döredenler sylaglanyldy.

Şazenany Ýelizelizaweta II «AstraZeneca» sanjymynyň işlenip düzülmegine gönüden-göni gatnaşan Oksford uniwersitetiniň ýedi alymyna rysarlyk derejesini berdi.

Mundan başga-da, saglyk, medeniýet we sungat, sport, haýyr-sahawat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatlary üçin 260-dan gowrak adama dürli derejeler berildi.

Iňlis imperiýasynyň bu ordeni 1917-nji ýylda korol Jorj V tarapyndan döredildi. Bu baýragyň bäş derejesi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň