Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany daşary ýurtly zyýaratçylara ýurda girmäge rugsat bermez

12:4314.06.2021
0
4421

Saud Arabystany “Covid-19” -a garşy sanjym edilen 60 müň ýaşaýjysynyň şu ýyl haj parzyny ýerine ýetirmägine rugsat berjekdigini habar berdi. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtdan haj parzy üçin geljek adamlara üstümizdäki ýyl hem rugsat berilmeýär. Patyşalyk bu babatda gelen kararyny beýleki ýurtlara habar berendigini aýtdy.

Iýul aýynda göz öňünde tutulan haj parzy üçin 18-65 ýaş aralygynda sanjym edilen saud arabystanlylara rugsat berilýär. Haj parzyny ýerine ýetirmek isleýänler onlaýn tertipde ýüz tutmalydyr.

Geçen ýyl 10 müň adam haj parzy üçin kabul edildi – olaryň 70 göterimi daşary ýurtly we 30 göterimi saud araystanly boldy. 2019-njy ýylda haj parzyny 2,5 million adam ýerine ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň