Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine mynasyp bolan sowgatlary gowşuryldy

22:1512.06.2021
0
5959

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar. Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran bu çäresi şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.

Her ýylda geçirilýän bu ylmy bäsleşige ýaş alymlar, ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Şu ýyl bu bäsleşige öz işläp taýýarlamalaryny, döredijilik gözleglerini we ylmyň hem-de tehnologiýanyň möhüm ugurlary boýunça barlaglaryny görkezýän ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 53-si gatnaşdy. Bäsleşige hödürlenen işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 57-sini kesgitlediler. Olaryň 32-si talyplar, 25-si bolsa ýaş alymlardyr. Hödürlenen taslamalarda we işlerde ylmy täzeçillik, onuň wajyplygy, iş ýüzünde durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýeti hem-de taslamalary önümçilige ornaşdyrmagyň geljegi esasy talap boldy.

Ylmy bäsleşikde tapawutlanan ýaşlar türkmen ylmynyň nurana geljegi hasaplanylýar. Olar bu ýerde guralan dabaranyň esasy gahrymanlary hökmünde ykrar edildi.

Ýaş alymlary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, belli alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary hem-de aspirantlary gatnaşdylar. Dabarada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Dabara gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaranyň ahyrynda baýramçylyk konserti boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň