ABŞ-nyň Milli geografik jemgyýeti dünýäde bäşinji ummanyň bardygyny ykrar etdi

11:2914.06.2021
0
1579

Şu ýylyň 8-nji iýunynda ABŞ-nyň «National Geographic» atly Milli geografik jemgyýetiniň hünärmenleri dünýäde bäşinji ummanyň — Günorta ummanyň bardygyny ykrar etdiler.

ABŞ-nyň «National Geographic» atly Milli geografik jemgyýetiniň hünärmeni Aleks Tate: «Günorta ummany alymlar tarapyndan öňden bäri ykrar edilýär, ýöne halkara derejesinde ylalaşyga gelnip, makullanmansoň, resmi taýdan kabul etmedik.» - diýip belledi. Hakykatdan-da Halkara gidrografiýa guramasy 1937-nji ýylda dünýäde bäşinji ummanyň — Günorta ummanyň bardygyny ykrar etdi, ýöne bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginiň närazylygy sebäpli bu karary 1953-nji ýylda ýatyrdy. Bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi şu wagta çenli ýer ýüzünde dört sany ummanyň — Hindi ummanynyň,

Ýuwaş ummanynyň, Atlantik ummanynyň we Demirgazyk buzly ummanynyň bardygyny ykrar etdi. ABŞ-nyň «National Geographic» atly Milli geografik jemgyýetiniň hünärmenleri bolsa, şu ýylyň 8-nji iýunynda dünýäde bäşinji ummanyň — Günorta ummanyň bardygyny ykrar etdiler.

Günorta ummany, Dreýk bogazyndan we Skoş deňzinden daşgary, Antarktidany 60 gradus günorta giňişlige çenli gurşap alýan suwuň köp bölegini öz içine alýar.

Dünýäniň beýleki dört ummany olary öz içine alýan yklymlar bilen kesgitlenýän bolsa, Günorta ummany Antarktidanyň tegelek polýar akymy bilen kesgitlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň