Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýyl dünýäde ilkinji bolup sütük önümleriniň satylmagyny gadagan etdi

09:5014.06.2021
0
2420
Ysraýyl dünýäde ilkinji bolup sütük önümleriniň satylmagyny gadagan etdi

Ysraýyl döwleti nysak (moda) senagatyna tebigy sütükli önümleriň satylmagyny gadagan etdi. Sütükleri ylmy we bilim maksatlary üçin, şeýle hem dini dabaralarda ulanmak gadagan edilýär. Ysraýyl döwleti dünýäde bu babatda kanuny karar çykaran ilkinji ýurt boldy.

Ysraýyl döwletinde nysak (moda) senagatyna tebigy sütükli önümleriň satylmagyny gadagan etmeklik baradaky kanuna ýurduň Daşky gurşawy goramak ministri Gila Gimliel gol çekdi. Bu kanun 2021-nji ýylyň dekabr aýynda güýje girer.

Ysraýylyň Daşky gurşawy goramak ministri Gila Gimliel: «Sütükli eginbaşlar senagaty dünýädäki ýüzlerçe million haýwany öldürýär we düşündirip bolmajak zalymlyga we jebir-jepalara sebäp bolýar.» - diýip belledi.

Haýwan hukuklaryny goraýjylar 2009-njy ýyldan bäri Ysraýylda sütük satuwynyň gadagan edilmegini talap edýärler. Şeýle guramalardan biri bolan «Animals Now» birleşigi hökümetiň kararyny «Taryhy waka» diýip atlandyrdy we ýurduň ilatynyň 86 göteriminiň sütük satuwynyň gadagan edilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň