Arhiw

Berdimuhamedow ýurduň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

11:2812.06.2021
0
2211
Berdimuhamedow ýurduň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär.

Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milletiň Lideri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylary Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň