Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar: işjeň koronowirusyň mukdary 10 kilograma ýetdi

16:1912.06.2021
0
4970

Ysraýylyň Weýsman Ylym institutynyň we ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Tehnologiýa institutynyň alymlary bilelikde dünýäde adamlara ýokaşan koronowirus keseliniň umumy agramyny hasapladylar.

Olaryň aýtmagyna görä, häzire çenli adamlara 1 femtogram möçberinde wirus ýokuşypdyr.

Şunda bedeniň dürli böleklerine ýokuşan wiruslaryň möçberi kesgitlenildi. Netijede, alymlaryň hasaplamalary COVID-19 adamda 1-den 10 mikrogram wirusyň bardygyny görkezdi. «Ferra.ru» wirusyň tutuş pandemiýa döwründe 1 milliondan 10 million adama çenli ýokuşandygyny göz öňünde tutup, ähli wiruslaryň umumy agramynyň 0,1 kilogramdan 10 kilograma çenli boljakdygyny habar berýär.

Alymlaryň bellemegine görä, bu sanlar wirusyň adam bedeninde nämeleri amala aşyryp biljekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň mutasiýa ― möwjemek ähtimallygyny hasaplap bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň