«McDonalds» hakerleriň hüjümine sezewar boldy

13:0612.06.2021
0
5583

Dünýäniň iň meşhur tiz tagam kompaniýalarynyň biri bolan «McDonalds» kompaniýasy hakerleriň hüjümine sezewar boldy. Bu hüjümiň netijesinde müşderileriň we kompaniýanyň işgärleriniň şahsy maglumatlary ogurlanyldy.

Has takygy, hakerler kompaniýanyň ABŞ-daky, Koreýa Respublikasyndaky we Taýwandaky torlaryna girdiler. Şeýlelikde, bu torlar bir hepdelik çäklendirildi.

Kompaniýanyň metbugat sekretarynyň aýtmagyna görä, şahsy maglumatlar diňe az sanly resminalarda gizlenip galypdyr. Ogurlanan maglumatlaryň arasynda koreýaly we taýwanly müşderilerdir işgärleriň e-poçta salgylary, telefon belgileri we iberiş salgylary bar.

Ferra.ru-nyň habaryna görä, kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, hakerler müşderileriň töleg maglumatlaryna girip bilmeýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň