Türkmenistan hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň alan önüminden şu ýyl 500 müň tonna çig nebiti satyn alar

23:5111.06.2021
0
8325

Hökümetiň 11-nji iýunda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň çig nebiti satyn almagy hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almak göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň bu gün möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutany nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideri degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we şol resminamanyň düzgünleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň