Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada gykylyk bilen adamlary gözlemek üçin uçarmansyz uçarlar işlenip düzülýär

16:2811.06.2021
0
4627

Germaniýanyň Fraunhofer adyndaky Aragatnaşyk, maglumaty gaýtadan işlemek we ergonomika institutynyň (FKIE) inženerleri tebigy betbagtçylykdan ejir çeken adamlary tapmaga ukyply uçarmansyz uçar öndürýärler. Ýitirim bolanlary tapmaklykda bolsa wagt örän möhümdir.

Uçarmansyz uçarlar halas ediş toparlary üçin ajaýyp çözgütdir, sebäbi bu uçarlar ýerdäki halas edijilere garanyňda has uly meýdany gurşap biler. Şundan ugur alyp, alymlar dronlara gurnamaklyk üçin niýetlenilen, tebigy betbagtçylyklarda halas edijilere kömege mätäçleriň gykylyklaryny eşitmäge mümkinçilik berýän «Crows Nest Array» mikrofon ulgamlaryny synagdan geçirýärler.

Indi bu tehnologiýa işlenip düzülýär, ýöne şu hepde ABŞ-nyň akustik jemgyýetine edilen işleriň deslapky netijelerini görkezmek meýilleşdirilýär. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň