Arhiw

Ýer togalagynyň Demirgazyk ýarym şarynda seýrek ýyllyk Gün tutulmasy hasaba alyndy

15:1511.06.2021
0
5841

Düýn – 10-njy iýunda Ýer togalagynyň Demirgazyk ýarym şarynyň ýaşaýjylary seýrek ýyllyk Gün tutulmasyna şaýat boldular.

Ýyllyk Gün tutulma hadysasynyň iň ýokary tapgyrynda Aý Güni gurşap alýar we Gün diskiniň açylmadyk böleginiň açyk halkasy peýda bolýar. Gün tutulma hadysasynyň iň ýokary tapgyry Demirgazyk Kanadada, Grenlandiýada we Russiýada boldy. Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Aziýanyň çäginde bolsa bu tebigy hadysany synlamak mümkin boldy. Bu barada «zamon.uz» web sahypasy habar berdi.

«Euronews»-iň habaryna görä, Gün tutulma hadysasy Demirgazyk Amerikada başlandy we gün ýaşanda Uzak Gündogarda tamamlandy. Ýyllyk Gün tutulmasynyň iň ýokary tapgyrynyň iň ýokary dowamlylygy 3 minut 52 sekunt boldy.

Ýyllyk Gün tutulmasy gaty seýrek hadysadyr. Şonuň üçin ýüz ýylda jemi 237 sany Gün tutulma hadysasy bar bolsa, onda onuň diňe 14-si ýyllyk Gün tutulma hadysasydyr.

Ýyllyk Gün tutulma hadysasynda Aý Günüň diskiniň üstünden geçýär, ýöne Aý Günden has kiçi bolany üçin, Güni doly gizläp bilmeýär. Şeýle tutulma wagtynda asman ýagty bolýar we ýyldyzlar görünmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň