Türkmenistan özbek kondisionerlerini esasy eksport edijileriň birine öwrüldi

15:2610.06.2021
0
27726

Türkmenistan Azerbaýjan we Russiýa bilen birlikde 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde özbek kondisionerlerini esasy import edijileriň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň saýtynda habar berilýär.

Pudaklaýyn edaranyň habaryna görä, Özbegistan şu ýylyň birinji dört aýynda daşary ýurtlaryň sekizisine jemi 3,6 million dollarlyk kondisioner iberdi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 million dollar köpdür.

Azerbaýjan has köp – 2,4 million dollarlyk kondisioner satyn aldy. Russiýa 315,9 müň dollarlyk kondisioner import edip ikinji, Türkmenistan 304,4 müň dollarlyk import bilen üçünji orunda barýarlar. Şeýle hem Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa we Ýemen özbek kondisionerlerini alyjylardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň