«Facebook» iki kameraly «akylly» sagat öndürer

15:1110.06.2021
0
3782

«Facebook»-yň «akylly» sagatlary 2022-nji ýylyň tomsunda satuwa çykarylar. Garaşylyşy ýaly, täze önüm bu görnüşdäki adaty enjamlardan dizaýn taýdan tapawutlanar. Sagadyň iki sany içerki kameradan ybarat boljakdygy, surata we wideo düşürmek üçin ony kemerden aýyrmalydygy eýýäm habar berildi.

Düşürilen suratlary we wideogörnüşleri «Facebook» üçin niýetlenen programmalara ýükläp bolar. «Akylly» sagadyň öň tarapyndaky kamera wideojaňlar üçin mümkinçilik berer.

Sagadyň LTE goldawy bilen üpjün ediljekdigi hem aýtmak gerek. «3dnews.ru»-nyň habaryna görä, «akylly» sagady 2022-nji ýylyň tomsunda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Deslapky maglumatlara görä täze önümiň bahasy takmynan 400 dollar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň