Arhiw

ABŞ-da 12 ýaşly oglan orta mekdebi we kolleji bir hepdede gutardy

16:0309.06.2021
0
7424

Amerikanyň Demirgazyk Karolina ştatyndan 12 ýaşly, Maýk Wimmer atly oglan orta mekdep bilen kolleji bir hepde-de gutardy we iki tehnologiýa kompaniýasyny döretdi.

Maýk Wimmer çagalykdan zehinli okuwçydy we 7 ýaşynda ilkinji kompaniýasyny esaslandyrdy. Pandemiýa sebäpli onuň boş wagty kändi, şonuň üçin hem ol özüniň iş ýüküni artdyrmaklyk kararyna geldi we özüniň has köp wagtyny goşmaça hünär okuw sapaklaryny geçmeklige sarp edip başlady. Netijede, diňe bir orta mekdebi däl, eýsem kolleji hem bir hepdäniň içinde gutaryp bildi. Bu barada "NBC News"-iň täzeliklerine salgylanyp, ren.tv habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň