Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşar

15:4909.06.2021
0
4124

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy mundan beýläk göreşi 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogyna gatnaşmak ugrundaky saýlama ýaryşlarda dowam eder. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň «H» toparçasynda milli ýygyndymyz 6 duşuşykda 9 utuk gazanyp, üçünji orny eýedi. Bu netije milli ýygyndymyza Aziýa kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Saýlama duşuşyklar şu ýylyň 11-nji noýabry we geljek ýylyň 14-nji iýuny aralygynda geçiriler. Oňa çenli çekiljek bijelerde türkmen futbolçylarynyň çykyş etjek toparçasy belli bolar.

Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklarynyň ikinji tapgyryndaky sekiz toparçanyň ýeňijisi we ikinji orny eýelänleriň iň gowy dördüsi eýýäm Aziýa kubogyndaky ýerini berkitdiler. Olar yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin mundan beýläk hiç hili saýlama duşuşyklary geçirmezler. Galan 12 petek üçin toparçalarda ikinji orny eýeläp, ýöne ähli ikinjileriň arasynda pes netije görkezen dört ýygyndy bilen birlikde ähli toparçalarda üçünji orny eýelän we ähli toparçalarda dördünji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy dördüsi bäsleşer.

Üçünji saýlama tapgyrda 6 toparça emele geler. Her toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndylara yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen yklym ýaryşyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň