Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» «Döwrebap Lider» atly trening geçirýär

09:3909.06.2021
0
14498

«Iş Nokady» koworking merkezi we «Results Up» maslahat beriş kompaniýasy 12-nji iýunda «Döwrebap Lider» atly açyk treninge gatnaşmaga çagyrýar.

Trening aşakdaky toparlara niýetlener:

  • telekeçiler;;
  • ýolbaşçylar;
  • maslahat beriş ulgamynyň wekilleri;
  • hünärmenler;
  • we özünde ýolbaşçylyk ukybyny ösdürmek isleýän her kim.

«Döwrebap Lider» treninginiň maksatnamasyna aşakdaky ugurlar goşulýar:

  • Her biri 80 minutdan bolan iki sapak (arakesme 20 minut).
  • Nazaryýet bölümi 80 göterim ― toparlaýyn gönükmeler, işewürlik bilen bagly oýunlar, kiçi toparlara bölünip ýumuşlary çözmek.
  • Amaly bölüm 20 göterim ― meseleleriň çözgüdi, kiçi interaktiw okuwlar.

Treningiň alyp baryjylary:

  • Döwran Halow ― ygtyýarnamaly tälimçi, 5 ýyl iş tejribeli;
  • Ýaguda Halilowa ― ygtyýarnamaly tälimçi, öňki telekeçi.

Başlanýan wagty: 15:00.

Dowamlylygy: 180 minut.

Geçirilýän ýeri: «Berkarar» SDM, 10-njy gat, J1 blogy ― «Iş Nokady».

Gatnaşmagyň bahasy: 200 manat.

Habarlaşmak üçin: +99312 46-81-65.

Ýerler çäklidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň