Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär

00:0409.06.2021
0
15539

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi web saýtynda Russiýanyň güni mynasybetli 14-nji iýunda işlemejekdigini habar berdi. Şol gün ilçihananyň Aşgabatdaky binasynda we Türkmenbaşy şäherindäki konsullyk nokadynda işlenilmez.

Russiýanyň güni her ýylyň 12-nji iýunynda bellnilýär. 1991-nji ýyldan bäri Russiýada şol gün iş güni däl.

Bu ýyl bu baýramçylyk hepdäniň şenbe gününe gabat gelýär. Şonuň üçin hem ýurtda şol günki dynç güni 14-nji iýuna geçirildi. Şeýlelikde, russiýalylar 12 ― 14-nji iýun aralygynda üç günläp dynç alarlar. Hepdäniň iş günleri bolsa 15-nji iýunda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň