Soňky habarlar

Arhiw

«Toyotanyň» täze ulagynyň tanyşdyrylyşy 9-njy iýunda bolar

18:3508.06.2021
0
10907

«Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Garagum ulag» hojalyk jemgyýeti kompaniýanyň «Toyota Land Cruiser 300» kysymly köp garaşylan täze ulagynyň 9-njy iýunda tanyşdyryljakdygyny habar berdi.

Bütin dünýä derejesinde geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasyna şol gün Aşgabat wagty bilen agşam sagat 22:30-da «YouTube» platformasy arkaly tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň