Arhiw

Azatlyk heýkeli ýene-de Fransiýadan ABŞ-a göçýär

17:4808.06.2021
0
4438

Azatlyk heýkeli Fransiýadan ABŞ-a ýene bir gezek göç edýär. Ýöne bu gezek ýola onuň nusgasy düşdi. Ol 46 metrlik asyl nusgadan 16 esse kiçidir.

Bu heýkel uzak syýahatdan ozal Parižiň uly bolmadyk köçeleriniň ikisiniň birikýän ýerinde durdy. Indi ol mundan beýläk Fransiýanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň öňünde goýlar. Ol bu ýerde 10 ýylyň dowamynda durar.

Heýkeli dostlugyň nyşany hökmünde Waşingtona ibermek pikiri Fransiýanyň ABŞ-daky ilçisi Filipp Etiene degişlidir. Emma pandemiýa sebäpli bu syýahat yza süýşürilmeli boldy.

Mundan 135 ýyl ozalkysy ýaly, heýkel 19-njy iýunda Gawradan deňiz arkaly iberiler we 4-nji iýulda ― ABŞ-nyň Milli gününde uly ekiztaýynyň ýurduna barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň