Arhiw

Türkmen hususyýetçileri bäş aýda ýurtda täze iş orunlarynyň 600-siniň döremegine sebäp boldular

15:5708.06.2021
0
6897

2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 24 sany iri desgany işe girizdi.

Bu taslamalaryň halk hojalygynyň hususy pudagynda durmuşa geçirilmeginiň netijesinde şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin 600-e golaý täze iş orunlary döredildi.

Umuman, TSTB-iň agzalary tarapyndan dürli döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan 362 taslama durmuşa geçirildi. Importyň azaltmagyna ýardam edýän we ýokary goşmaça bahasy bolan içerki önümleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýän ýüzlerçe döwrebap kärhanalar esaslandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň