Soňky habarlar

Arhiw

4 aýda Özbegistan 130,5 mln dollarlyk türkmen önümlerini import etdi

14:4908.06.2021
0
23343
4 aýda Özbegistan 130,5 mln dollarlyk türkmen önümlerini import etdi

2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 166,9 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistan 130,5 million ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 36,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistanyň daşary ýurtlar bilen haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 378,8 million ABŞ dollary mukdarynda ýa-da 3,5% peselip, 10,32 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.

Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygynyň iň uly möçberi Hytaýyň paýyna düşüp, ol 2,1 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Degişlilikde ýurduň eksporty 642 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 1,48 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($1,8 milliard), Gazagystan ($1,2 milliard), Türkiýe ($956,2 million), Günorta Koreýa ($495,1 million), Gyrgyzystan ($250 million), Owganystan ($234,6 million), Germaniýa ($201,8 million) we Ukraina ($181,1 million) girdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň