Soňky habarlar

Arhiw

“Facetime” hyzmaty “Android” bilen “Windows”-da elýeterli bolar

12:4108.06.2021
0
3817

“Apple” kompaniýasynyň “Facetime” hyzmaty “OC Android” we “Windows” üçin elýeterli bolar. Bu hyzmat, “Apple” şereketiniň WWDC 2021-däki tanyşdyrylyş dabarasynda mälim edildi, bu ýerde iOS, iPad we macOS-yň täze görnüşlerinden başga-da, programma täzelenmeleri görkezildi. Indi täzelenen “Facetime” hyzmaty “Android” bilen “Windows”-da işledilip bilner.

Şeýle-de bolsa, munuň üçin “iPhone”, “iPad” ýa-da “MacBook”-yň eýesinden söhbetdeşlige baglanyşyk bermegi talap ediler. Diňe şondan soň üçünji tarapyň operasion ulgamy “Facetime” hyzmatyna wideo-web görnüşinde girip biler.

Bu barada ferra.ru web sahypasy habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň