Arhiw

«Facebook» Trampyň hasabynyň petiklenmesine gaýtadan seredýär

16:3005.06.2021
0
3740

«Euronews»-yň habaryna görä, «Facebook» ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň hasabynyň näbelli ýagdaýdaky petiklenmesini aradan aýyrdy we sosial ulgamyň ulanylmagyna goýlan gadagançylygy iki ýyla çenli çäklendirdi.

Iki ýyllyk möhlet 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan ― Trampyň sahypasy ilkinji gezek petiklenen gününden başlaýar.

Aýdylyşy ýay, «jemgyýetçilik howpsuzlygyna çynlakaý töwekgelçilik» döretmese, Tramp «Facebook»-a dolanyp biler. Düzgünler ýerine ýetirilmese, hyzmat sahypalarynyň dolulygyna öçürilmegi ýaly beýleki sanksiýalary hem ulanyp biler.

Netijede, öňki Prezident hasaplaryna girip bilse, alyp barýan işlerine ýakyndan gözegçilik ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň