Soňky habarlar

Arhiw

«Lotta Business Group» täze iş orunlaryny hödürleýär

11:3105.06.2021
0
8057

«Lotta Business Group» köpugurly kompaniýasy eýýäm 13 ýyldan gowrak wagt bäri bölek satuw nokatlaryna (dükanlara, söwda merkezlerine) haryt paýlamak, kiçi we iri kärhanalara maslahat bermek, ERP we CRM ulgamlaryny ornaşdyrmak, hususy we döwlet eýeçiligindäki emläkler boýunça bäsleşikli söwdalary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa jemgyýetçilik pudagy, şeýle hem türkmen bazarynda öz IT önümlerini satuwa çykarmak bilen, aşakdaky wezipeler boýunça boş iş orunlaryny hödürleýär:

IT bölümi:

  • Web ýygnaýjysy;
  • 1C programmaçy;
  • Logo programmaçysy;
  • PHP programmaçysy;
  • Front-end ýygnaýjysy;
  • Back-end ýygnaýjysy;
  • iOs / Android ýygnaýjysy;
  • IT ýygnaýjy-öwrenjisi.

Taslama bölümi:

  • Grafika dizaýneri;
  • Öwreniji dizaýner;
  • UI / UX (web dizaýneri).

Satyş bölümi:

  • söwda agenti;
  • gözegçi;
  • meýdan gözegçisi.

Taslamalar:

  • taslamanyň ýolbaşçysy;
  • SMM hünärmeni;
  • IT önümlerini satyjy;
  • call merkeziň operatory (rus dilini gowy bilýän bolmaly).

Maslahat beriş:

  • marketing geňeşçisi;
  • HR geňeşçisi;
  • diňleýji.

Ähli dalaşgärlerde (diňleýjiden başga) türkmen, rus we türk dillerini ortaça derejeden ýokarda bilmegi talap edilýär.

Maglumatlar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köç., 24. «Arzuw» binasy ýa-da lotta@lotta-tm.com elektron salgysy arkaly. Şeýle hem lotta-tm.com web saýtyna girip, «Boş iş orunlary» bölümindäki anketany dolduryp bilersiňiz. Şunda dalaş edilýän boş iş ornuny görkezmek esasy zerurlykdyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 75-44-50 (ofis), +99364 020535 (Ýewgeniýa, HR), +99365 812514 (Sergeý, HR).

Ähli boş iş orunlary barada doly maglumaty aşakdaky salgydan hem alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň