Berdimuhamedow türkmen diplomatlary bilen duşuşmagy meýilleşdirýär

23:5804.06.2021
0
5151

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki gyşda ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatlarymyz bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.

Hökümetiň şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany koronawirus bilen bagly ýagdaý mümkinçilik berse, 12-nji dekabrda geçiriljek ähli baýramçylyk çärelerine gatnaşar ýaly, diplomatlarymyzy çagyrmak meselesine hem garamagy tabşyryp, baýramçylykdan soň, olar bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şol duşuşykda daşary syýasatymyzda ýakyn döwürde çözülmeli meseleleriň we öňde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň