Soňky habarlar

Arhiw

Mejlis şu ýyl kanunçylyk namalarynyň 74-sini kabul etdi

23:3604.06.2021
0
5463

Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, kanunlaryň we kararlaryň 74-si, şol sanda Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy we Mejlisiň kararlarynyň 34-si kabul edildi. Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Mejlisde duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Deputatlar birnäçe halkara we sebitara forumlara gatnaşdylar.

Bu barada Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Hökümetiň şu ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde milletiň Liderine hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, demokratik esaslary has-da çuňlaşdyrmakda, halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkitmekde we öňe sürýän başlangyçlaryny ilerletmekde deputatlaryň goşandyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutany zenanlaryň maşgala gymmatlyklaryny, ahlak ýörelgelerini saklamakda, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun eýeleýändigini nazara alyp, gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň