Soňky habarlar

Arhiw

«Iş Nokady» Moskwa halkara uniwersitetiniň Türkmenistandaky «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

15:5904.06.2021
0
9895

17-nji iýunda «Iş Nokady» koworking merkezinde Moskwa halkara uniwersitetiniň Türkmenistandaky «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Uzak aralykdan berilýän bilim döwrüň möhüm meselesiniň çözgüdine öwrülensoň, onuň bilim almagyň ähli basgançaklaryna giňden ornaşandygy sebäpli, çärede aşakdaky mowzuklara serediler:

  • Uzak aralykdan okuw düşünjesi;
  • Uzak aralykdan okuwyň ölçeglerini kesgitlemek;
  • Uzak aralykdan okuwyň artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini kesgitlemek.

Şeýle hem, giriş üçin ähli şertleri hödürlän uniwersitet barada jikme-jik maglumatlary alyp bolar. Bu ýere ýygnananlar özüne laýyk hünär saýlamaga we hünärmenden maslahat almaga mümkinçilik alarlar.

Çärä gatnaşmak mugt. Başlanýan wagty: 18:30.

Gatnaşmak üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 46-81-65

Salgysy: «Berkarar» SDM, 10-njy gat, J1 blok, «Iş Nokady».

Uniwersitet bilen www.mi.university web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem täzelikleri onuň «Instagramdaky» sahypasyndan yzarlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň