Meşhur filmiň surata düşüriliş işleri ýene-de saklanyldy

14:4704.06.2021
0
4262

«Amala aşyrylmajak wezipe 7» filiminiň surata düşüriliş işleri ýene bir gezek saklanyldy. Bu gezekki arakesmäniň sebäbi hökmünde topardaky birnäçe adamda koronowirusyň ýüze çykmagy görkezilýär.

Şeýlelikde, toparyň 60 agzasynyň ählisi 14 günüň dowamynda izolýasiýa edilmäge mejbur boldy. Filmiň baş gahrymanynyň keşbini ýerine ýetirýän Tom Kruz bolsa eýýäm sişenbe gününden bäri özüni izolýasiýa edýär.

Surata düşüriliş işleri mundan ozal hem alty aýlyk saklanylypdy. Şeýle bolsa, filmi indiki ýyla çenli taýyn edip, 2022-nji ýylyň maý aýynda ilkinji görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň