Arhiw

Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

23:4603.06.2021
0
7173

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanynyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň şaýollary boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Welosipedli ýörişiň dowamynda milletiň Lideri ýolugra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewe hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa şäheriň ekologiýasyny gowulandyrmaga hem-de bagy-bossanlyga öwürmäge, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan seýilgähleri, seýilbaglary kadaly ýagdaýda saklamaga, şäherlileriň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatgyrynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasy bu baýramçylygyň aýdyň nyşany boldy. Köpöwüşginli sport lybasyndaky welosipedçileriň hatary Aşgabadyň giň şaýollary boýunça hereketini dowam etdi. Bu ýollaryň ugrunda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan ajaýyp binalar peýda boldy. Paýtagtymyzyň giň we ýagty şaýollary, täsin ýaşyl zolaklardyr seýilgähler, gül aýmançalary, özboluşly suw çüwdürimleri gözüňi dokundyrýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet binasynyň ýanyna gelip, welosipedli ýörişi tamamlady.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar hereketini dowam edip, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşen “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanylyp geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş şol ýerde tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň