Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda belentlige dyrmaşmak boýunça çagalar festiwaly geçiriler

18:3102.06.2021
0
8642

«Agama» alpinizm kluby Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli her ýyl geçirilýän çagalar festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar.

Festiwal 6-njy iýunda sagat 10.00-dan 15.00-a çenli Aşgabatdaky «Alem» medeni-dynç alyş merkezinde geçiriler.

Oňa 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.

Festiwalyň maksatnamasy dyrmaşmak üçin emeli ýasalan diwara 10 ugur boýunça çykmagy öz içine alýar. Festiwalda merkeziň bellenilen belentliklerine çykmagyň tölegli boljakdygyny habar berýäris. Ýeňiji bolanlara ýörite şahadatnama gowşurylar.

Festiwal meýdançasyna 20, 55, 57 we 60-njy awtobuslar bilen baryp bilersiňiz.

Festiwala gatnaşmak üçin deslapky ýüztutmany +99365811355 belgä jaň edip tabşyrmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň