Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwadan Türkmenabada ýörite uçuşy amala aşyrar

22:3628.05.2021
0
65637

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça 2021-nji ýylyň 30-njy maýynda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky şahamçasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Şol beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

Bu uçar sapary boýunça orunlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa ş) Baş konsullygynyň sanawy boýunça berilýär. Eger Siz Konsullykdan şol uçar gatnawynyň sanawyna goşulandygyňyz barada bildiriş alan bolsaňyz, onda Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde bilet almak üçin avia@itmgroup.ru elektron salgysyna ýa-da +79119300080 telefon belgisine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýaris. Eger sizde ýatyrylan gatnaw üçin Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde alnan bilen bar bolsa, onda-da avia@itmgroup.ru saýty boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmenistanyň çäklerinde satyn alnan biletleriň alyş-çalşygy Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň