Eýranly türkmen Russiýada ýylyň futbolçysy boldy

10:1827.05.2021
0
4866

«Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 2020/21 möwsüminde Russiýanyň Premýer ligasynyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Geçirilen ses berlişikde 76 utuk toplan eýranly türkmen birinji orny eýeledi. Ol geçen möwsümde topary bilen 24 duşuşyga gatnaşyp, 19 gezek tapawtlanypdy. Şeýle hem bassyr üçünji gezek Russiýanyň çempiony boldy.

Ýylyň iň gowy futbolçysyna berlen seslerde 61 utuk bilen ikinji orny «Zenitden» Artýom Dzýuba, 51 utuk bilen üçünji orny «Soçiden» Kristian Noboa eýeledi.

Ses belişige Tinkoff ― RPL-niň baş tälimçileri, kapitany, Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Stanislaw Çerçesow we «Matç Premýer» teleýaýlymynyň kommentatorlary gatnaşdy.

«Zenidiň» hataryna 2019-njy ýylda goşulan Serdar Azmunuň şertnamasy indiki ýylyň tomsunda tamamlanýar. Ol mundan ozal «Rostowda» we «Rubinde» çykyş edipdi.

Ezber futbolçynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem agzasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň