Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Umdurtiýa bilen oba hojalygy boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer

09:5327.05.2021
0
5359

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Umdurtiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen wideomaslahat maldarçylyk, atçylyk, weterinariýa, azyk önümçiligi, guşçulyk, tejribe alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlandy.

Bu wideomaslahat Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullyk edarasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistana oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Altyýew, Kazandaky Baş konsulymyz Atadurdy Baýramow, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň we TSTB-niň hünärmenleri wekilçilik etdi.

Udmurt wekiliýetine Udmurtiýa Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministri Olga Abramowa ýolbaşçylyk etdi.

Çeşmäniň habaryna görä, taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda oba hojalygy pudagy boýunça şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda gol çekilen Ylalaşygy durmuşa geçirip başlamak barada ylalaşdylar .

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň 31-nji martynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň Moskwada geçirilen mejisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly Ylalaşyklara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň