Tunisde Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

23:5726.05.2021
0
4447

25-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berdi.

Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda Tunis Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkejekdigine uly ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň