Soňky habarlar

Arhiw

Bir bölek peýnir jenaýatçynyň tutulmagyna sebäp boldy

16:3026.05.2021
0
12532

Onlaýn söwda merkezi arkaly satylan bir bölek peýniriň suraty Angliýada bir jenaýatçynyň gözleginde we tussag edilmeginde subutnama boldy.
Polisiýa tarapyndan uzak wagtlap gözlenýän 39 ýaşly Karl Stýuart EncroChat messenjerinden peýdalanyp, elinde saklaýan gök peýniriň suratyny paýlaşdy. Şol bir wagtyň özünde, suratda peýnirli el we fonda supermarketden başga hiç zat ýokdy.

Emma hut şu suratdan neşe söwdagäri anyklandy. «Gazeta.ru»-nyň habaryna görä, surat seljerilenden soň maglumatlar bazasyndaky yzlardan jenaýatçy tapyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň