Soňky habarlar

Arhiw

«Abadan haly» Aşgabatda geçirilen sergä täze önümlerini hödürledi

13:2226.05.2021
0
8107

24 ― 25-nji maý günlerinde Aşgabatda geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara serginiň işine «Abadan haly» AGPJ hem gatnaşdy. Kärhananyň sergi bölüminiň iň görnükli ýerinde «Aşgabat ― 140» ýazgysy ýerleşdirilen halylar ýerleşdirildi.

«Abadan haly» 2016-njy ýyldan bäri polipropilen ýüplüklerden halylary we haly önümlerini öndürip gelýär. Bu kompaniýa häzirki wagtda Türkmenistanda polipropilen haly önümlerini öndürijileriniň iň ulusydyr. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň NGIZT-den alynýar.

Sergide «Abadan halynyň» wekili Baýram Ýowjanow «Türkmenportalyň» habarçysyna şeýel gürrüň berdi:

― Sergide täze önümlerimizi hem görkezdik. Olaryň hemmesi göwrümi 6 inedördül metre barabar halylardyr. «Tolkun», «Kerwen», «Sähra» ýaly reňkli döredijilik eserleri we adaty we häzirki zaman reňkdäki beýleki haly önümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Polipropilen halylary özüne çekijiligi we elýeter bahasy bilen uly meşhurlyga eýe bolýar.

Umumy meýdany 14,5 gektara barabar toplumymyz Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar Ýewropa standartyna laýyk gelýär.

«Abadan halynyň» önümleri ISO derejeli halkara hil talaplaryna hem laýyk gelýär. Häzir kärhana Gazagystan, Türkiýe, Owganystana, Azerbaýjana we beýleki döwletler bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň