Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

23:4525.05.2021
0
16011

Aşgabadyň demirgazygynda şäheriň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli 140 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmägine bagyşlanan dabaralar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepeşiginde bellenilip geçildi.

Açylyş dabaralaryna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy. Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy, hökümet agzalary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Bu ýerde milletiň Lideri toý bagyny kesip, ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdi. Döwlet Baştutany ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi we onda döredilen şertler bilen tanyşdy we lukman maşgalasynyň göçüp gelen täze jaýyny synlady.

Täze ýaşaýyş jaýlary ähli amatlylyklary özünde jemleýär we bu ýerde maşgala agzalarynyň ekerançylyk we bagçylyk bilen meşgullanmagy üçin mellek ýeri hem göz öňünde tutulypdyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy türkmen toýuna mahsus dabaralara beslendi. Bu ýerde paýtagtymyzyň irki döwürlerini wasp edýän teatrlaşdyrylan oýunlar görkezildi we Aşgabady wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň