Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy

21:4324.05.2021
0
8543
Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün – 24-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu at türkmen Liderine Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm seneleri bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň