Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Russiýa bilen üçýyllyk Hökümetara hyzmatdaşlygy boýunça taslamany hödürledi

16:3222.05.2021
0
19085

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow 21-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy barada aýratyn durlup geçildi. Üç ýyllyk möhlete niýetlenen bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy. Senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Milletiň Lideri bilelikdäki Hökümetara toparyň netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi. Şolarda netijeli türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin binýady döretmäge umumy çemeleşmeler işlenip düzülýär. Döwlet Baştutany hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň