«Volkswagen ID X» elektrikli haçbekiniň suratlary paýlaşyldy

16:0522.05.2021
0
4606

«Volkswagen» kompaniýasynyň baş direktory Ralf Brandstatter täze «Volkswagen ID X» elektrikli haçbekiniň suratlaryny we aýratynlyklaryny paýlaşdy.

329 at güýjüne eýe bolan ulag sagatda 100 kilometrlik tizlige 5,3 sekuntda ýetip bilýär. Munuň üçin ol ýöriteleşdirilen Drift gurluşy bilen üpjün edildi. Täze ulagyň gurluşynda «Volkswagen ID.3» hatçbekine esaslanyldy. Ýöne täze ulag «Volkswagen ID.3»-den käbir aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Onuň agramy hem «Volkswagen ID.3»-den 200 kilogram ýeňildir.

Elektrikli awtoulag 77 kWt/sagatlyk batareýa bilen üpjün edilendir. Onuň haçan satuwa çykaryljakdygy heniz belli däl.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň