Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli iri medeni çäreler geçiriler

13:1122.05.2021
0
36586

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Hňkümetiň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna 25-nji maýda paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň gününiň hormatyna geçiriljek medeni çäreler, şeýle hem “Bagtyýar çagalyk” ady bilen geçirilýän halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly, ýokary amatlylygy bolan täze kottej jaýlarynyň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýar.

Açylyş dabaralarynda türkmen halkynyň baýramçylyk däp-dessurlary, Aşgabadyň taryhyndan taýýarlanan görnüşler öz beýanyny tapar.

Şeýle hem 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli medeni çäreler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sergiler we beýleki çäreler guralar. Baýramçylyk çäreleri welaýatlarda hem geçiriler.

Wise-premýer “Bagtyýar çagalyk” ady bilen geçirilen çagalar suratlarynyň halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek barada aýdyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzdan we daşary döwletleriň 15-sinden körpe suratkeşleriň 1700-den gowrak işiniň kabul edilendigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň eziz Diýarymyzyň taryhy ýyl ýazgysynda möhüm orun eýelejekdigine hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň 140 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabaralary mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu dabaralar halkymyzyň ruhubelentligini, ak mermerli paýtagtymyza bolan ählumumy söýgini we şäheriň häzirki döwürde ýeten derejesini beýan etmelidir diýip, milletiň Lideri belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň