Aşgabatda sungat wekilleriniň teleköpri arkaly halkara duşuşygy geçirildi

23:5520.05.2021
0
4367

Şu gün «Aşgabat» seýilgähi bilen Özbegistanyň doganlaşan şäheri bolan Daşkendiň “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkäniň (ABŞ) we Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň wekilleri-de gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bu ýerde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler. Şeýle-de bu medeni çärä doganlaşan şäherler Albukerkäniň we Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlyk işleri boýunça komitetiniň ilkinji başlygy hanym Sally Aliçe Tompson we Albukerke tans topary, Wenadan bolsa Türkmen — Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar halklaryň arasyndaky dostlugy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny görkezdiler.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu günki halkara derejedäki çäräniň dünýäniň halklarynyň medeniýetini, sungatyny ösdürmäge, medeni hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga hem-de Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň