Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty geçirildi

23:5420.05.2021
0
3688

Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Dostlukly hyzmatdaşlyga täze güýç berjek, doganlaşan şäherleri we olaryň ýaşaýjylaryny has-da ýakynlaşdyrmaga, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň däbe öwrülen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek foruma gatnaşýandyklary üçin daşary ýurtly wekillere hoşallyk sözleri beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylara Aşgabat, taryhyň häzirki döwründe onuň gazanan üstünlikleri hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideorolik görkezildi.

Wideomaslahat görnüşinde geçirilen forumyň barşynda Aşgabadyň dostlaşan hem-de doganlaşan şäherleriniň häkimlikleriniň, munisipal we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Maslahata Kabul (Owganystan Yslam Respublikasy), Baku (Azerbaýjan Respublikasy), Albukerke (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Pekin we Lançžou (Hytaý Halk Respublikasy), Tendo (Ýaponiýa), Ankara we Stambul (Türkiýe Respublikasy), Daşkent (Özbegistan Respublikasy), Nur-Sultan (Gazagystan Respublikasy), Bişkek (Gyrgyz Respublikasy), Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinden hem-de Astrahan oblastyndan (Russiýa Federasiýasy), Wena (Awstriýa Respublikasy), Kişinýow (Moldowa Respublikasy), Ýerewan (Ermenistan Respublikasy) şäherlerinden wekiller gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň